“BAGT KÖŞGI” TOÝ DABARALARY MERKEZINIŇ MYHMANHANA BÖLÜMI

 

Merkeziň Myhmanhanasy Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda abadan durmuşda ýaşaýan halkymyzyň durmuş toýuny tutýan ýaşlarynyň, raýatlarymyzyň, şeýle hem ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlarynyň asuda, ýokary derejedäki amatlyklary bolan otaglarda rahat dynç almaklaryny üpjün etmek, ýokary hilli myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemek  maksadyna eýerýär.

Myhmanhanada jemi 22 otag bolup, olaryň 10 sanysy lýuks otaglary,  12 sanysy bolsa adaty otaglardyr. Adaty otaglaryň hatarynda maýyplar üçin amatlyklar göz öňüne tutulan otag hem bardyr.  

Myhmanhana bir wagtda umumy 44 myhman kabul edip bilýär. Her otagda myhmanhana gelýän ýerli we daşary ýurt raýatlary üçin rahat işlemäge we dynç almaga ähli mümkinçilikler döredilendir. Myhmanlara otag, egin-eşik ýuwmak, taksi çagyrmak boýunça hyzmatlar ýerine ýetirilýär, işewürlik ýygnakalaryny geçirmek üçin konferens otagy, açyk we ýerasty awtoduralgalar hödürlenýär.

 

ÝAŞAÝYŞ ŞERTLERI:

Giriş wagty

12:00

Çykyş wagty

12:00

Sargydy (brony) ýatyrmak

Mugt

Tölegiň görnüşleri

Nagt/Nagt däl

Gadagan

Myhmanhananyň çäginde we otaglarda çilim çekmek,

öý haýwanlary bilen ýaşamak.

 

HYZMATLAR:

 

Otaglaryň üpjünçiligi

Ähli otaglar sowadyjy enjam, gymmatlyklary gorap saklamak üçin seýf, internet ulgamy, TV hyzmatlary bilen üpjün edilen.

 

Internet

Otaglarda we myhmanhananyň çäginde tölegsiz
Wi-Fi

 

Egin-eşik ýuwmak

Iş wagty: 08:00-dan 16:00-a çenli,

egin-eşikleri ýuwmak, guratmak, ütüklemek

(himiki usul bilen arassalamak hyzmaty ýok).

 

Awtoduralga

Tölegsiz açyk we ýerasty awtoduralgalar.

 

Myhmanlar bilen işleýän bölüm

Iş wagty: 09:00-dan 17:00-a çenli.

Myhmanlar bilen işleýän bölüm aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

1.  Myhmanlara şäher baradaky maglumatlary bermek,

2.  Otaglar barada maglumat we bron etmek,

3.  Taksi çagyrmak,

4.  Ekskursiýa üçin Merkeziň awtoulaglaryny kreýine tutmak (sürüji bilen),

5.  Eltip bermek hyzmatly naharhanalardan nahar sargamak.

 

Lobbi-bar

Myhmanhananyň holl zalynyň  soňunda ýerleşip, myhmanlara jana şypaly çaýlary we kofe, dürli görnüşdäki lezzetli şerbetleri, sowuk naharlary, gyzgyn naharlary we işdäaçarlary hödürleýär. Bu ýerde myhmanlar rahat ýagdaýda çaý, kofe içip, wagtlaryny lezzetli geçirip bilerler.

Tel: 95-51-27.

 

 

Myhmanhananyň administrasiýasy her bir myhmanyň wagtyhoşlugy, rahat dynç almagy üçin ähli amatlyklary döretmäge çalyşýar!

 

 

NYRHNAMALAR

Ýerli raýatlar üçin nyrhnama:

Adaty otag

(STD)

TWIN (2 sany 1 orunlyk krowat)

DBL (1 sany 2 orunlyk krowat)

114,00 manat

114.00 manat

Lýuks otag

(LUX)

TWIN (2 sany 1 orunlyk krowat)

DBL (1 sany 2 orunlyk krowat)

199.50 manat

199.50 manat

 

Daşary ýurt raýatlary üçin nyrhnama:

Adaty otag

(STD)

TWIN (2 sany 1 orunlyk krowat)

DBL (1 sany 2 orunlyk krowat)

50 USD

50 USD

Lýuks otag

(LUX)

TWIN (2 sany 1 orunlyk krowat)

DBL (1 sany 2 orunlyk krowat)

100 USD

100 USD

 

Giriş-çykyş sagady – 12:00

 

Daşary ýurt raýatynyň myhmanhanada ýaşandygy üçin tölegler ABŞ-nyň dollarynda amala aşyrylýar, emma myhmanhanada ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet şertnamasy esasynda işläp, olara aýlyk zähmet haklary türkmen milli manadynda hasaplaşylýan bolsa, myhmanhana hyzmatlary üçin tölegler türkmen milli manadynda amala aşyrylyp bilner.

Daşary ýurt raýaty bilen myhmanhana hyzmatlary üçin tölegleri türkmen milli manadynda amala aşyrmak üçin, myhmany çagyran edara-kärhana tarapyndan myhmanhananyň administrasiýasyna tabşyrmaly resminamalaryň sanawy:

1.    Edara blankada daşary ýurtly myhmanyň işleýändigi barada kepilnama,

2.    Migrasiýa gullugy tarapyndan berlen rugsatnama/çakylyk hatynyň nusgasy,

3.    Zähmet şertnamasy (zähmet haky manatda görkezilen bolmaly).

 

HABARLAŞMAK ÜÇIN BELGILER:

 Myhmanhana barada maglumat we otaglary öňünden sargyt etmek üçin telefon belgileri:

 

Uly administrator 09:00-17:00

95-06-41

Kabulhana (Reception) gije/gündiz

95-61-58

FAX

95-06-43

Elektron poçta

bagtkoshgihotel@gmail.com

 

 

Online Arza

© 2021 Ähli hukuklar goralan.