“BAGT KÖŞGI” TOÝ DABARALARY MERKEZINIŇ ULAGLARY MADDY-TEHNIKI BÖLÜMÇESI

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe  halkymyzyň tutýan toýlary täze öwüşginler, döwrebap däpler bilen barha baýlaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda bina edilen “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezi milli toýlarymyzyň şatlyk-şowhuna, uly dabaralara beslenilip geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Merkeziň Ulaglaryň maddy-tehniki bölümçesi 2 sany “Linkoln-Limuzin” kysymly limuzin, 10 sany “Linkoln-Sedan” kysymly kabriolet, 2 sany “Toýota Coaster” kysymly awtobus,  jemi 14 sany  awtoulaga tehniki hyzmatlary amala aşyrmak, ilatyň toý-baýramlary bilen baglanyşykly awtoulaglary kärendesine bermek boýunça sargytlary kabul etmek, alnan sargytlar boýunça awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işlerini alyp barýar.

Gadyrly watandaşlar! Toý dabaralaryny gurnamak hem-de geçirmek hemişe diýen ýaly zerur bolan dürli hyzmatlaryň gözlegindäki süýji aladalar bilen baglanyşykly bolýar. Gül desseleri we güllerden edilen ajaýyp görnüşler, gelin üçin saçy timarlamak we kosmetiki hyzmatlar, toý lybaslary bilen baglanyşykly hysyrdylar hem bu süýji aladalaryň biri bolup durýar. Mundan başga-da toýuň dabarasyny has-da artdyrjak kaşaň awtoulaglar we olaryň dürli görnüşdäki ajaýyp bezegleri toýuň şowhun-şagalaňyny goşalandyrmakda zerur  gerek bolýar. Şu hyzmatlary özüň üçin amatly bolan şertlerde tapaýmak köplenç aňsat hem düşmeýär. Ilatymyza şeýle hyzmatlaryň amatly hem-de bir ýerde ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň Ulaglaryň maddy-tehniki bölümçesi ýokary amatlyklary bolan, milli äheňlerde we döwrebap görnüşlerde bezelen kaşaň awtoulaglary kärendesine hödürleýär.

Biziň bölümimiz Merkeziň Medeni-usulyýet bölümi bilen ysnyşykly işläp, awtoulaglar häzirki zaman we milli äheňlerde bezelýär.

Ajaýyp bezelen kaşaň awtoulaglar – toýuň bezegi!

 

Biz sizi “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezimizde görmäge şatdyrys!

 

         Awtoulagyň kysymy

Bahasy

«Kabriolet»

1 sagat üçin 58 manat

«Limuzin»

1 sagat üçin 66 manat

“Awtobus”

1 sagat üçin 54 manat

 

BÖLÜMÇÄNIŇ ÝERLEŞÝÄN ÝERI:

Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezi.

Bölümçäniň hödürleýän hyzmatlary barada ähli soraglar boýunça habarlaşmak üçin telefon belgimiz: Tel: 95-57-53, 95-06-11

 

© 2021 Ähli hukuklar goralan.