“BAGT KÖŞGI” TOÝ DABARALARY MERKEZINIŇ MEDENI-USULYÝET BÖLÜMI

Hormatly Prezidentimiziň «Maşgala - biziň gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşylarynyň biridir» diýen parasatly sözlerini ýörelge edinmek bilen, ýurdumyzda halkymyz tarapyndan tutulýan toýlaryň, geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň döwrebap, milli we häzirki zaman däp-dessurlarynyň kämil sazlaşygy esasynda geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.  

 “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň Medeni-usulyýet bölümi ilatymyza medeni-durmuş maksatly hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen, hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, hilini has-da kämilleşdirmek, baýlaşdyrmak ugrunda degerli işleri alyp barýar.

 

BÖLÜMIŇ ÝERLEŞÝÄN ÝERI:

Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň 4-nji gaty.

Bölümiň hödürleýän hyzmatlary barada ähli soraglar boýunça habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 95-57-51,  95-06-36.

 

HÜNÄR TAÝÝARLYGY OKUWLARY

Medeni-usulyýet bölümi ilatymyzyň toý-baýramlarynda medeni taýdan hyzmatlary ýerine ýetirýän, guramaçylyk işlerini alyp barýan hünärmenleri taýýarlamak üçin, 3 aýlyk gysga möhletli hünär taýýarlygy okuwlaryny guraýar.

 

 

Okuwlara şu hünärler boýunça kabul edilýär

Okadylýan ugur

Berilýän hünär

Toý dabaralarynda  wideo-foto operatorçylyk

Toý dabaralarynyň wideo – foto operatory

Toý dabaralaryny guramak we  alyp barmak

Toý dabaralarynyň menedzeri

Toý dabaralaryny bezemek

Toý dabaralarynyň  dizaýneri

 

Okuwlary tamamlan diňleýjilere degişlilikde “Toý dabaralarynyň wideo-foto operatory”, “Toý dabaralarynyň menejeri” we “Toý dabaralarynyň dizaýneri” hünärleri berilýär we degişli şahadatnamalar gowşurylýar.

Okuwlar tölegli bolup 1aý tölegi 483 manat, 3 aý üçin okuw tölegi 1449 manatdyr.

 

 

 

AWTOULAGY KÄRENDÄ BERMEK WE OLARY BEZEMEK

 

Medeni-usulyýet bölümi Merkeziň Ulaglary maddy-tehniki bölümçesi tarapyndan ilatymyzyň toý-dabaralary üçin kärendesine berilýän “Linkoln-limuzin” we “Linkoln-sedan” kysymly ýeňil awtoulaglaryň bezeg işlerini hem amala aşyrýar. Halkymyzyň milli däp-dessurlaryna laýyk we döwrebap bezegler bilen üpjün edilen awtoulaglar durmuş toýlarynda, gelnalyjy däbinde, baýramçylyk dabaralarynda hyzmat etmek hem-de täze dünýä inen körpeje çagany maşgala ojagyna getirmek dabaralary üçin niýetlenendir. Milli öwüşginli, owadan, nepis  toý bezegleri hem-de ýokary amatlyklary bolan döwrebap awtoulaglar milli däp-dessurlarymyz bilen utgaşyp, toý-baýramlaryň şowhun-şagalaňyny has-da artdyryp, bagtyýar raýatlarymyzyň toý şatlygyny goşalandyrýar

 

             

 

Merkeziň Ulaglary maddy-tehniki bölümçesiniň kärendä berýän awtoulaglarynyň nyrhnamasy:

 

Awtoulagyň kysymy

Bahasy

«Kabriolet»

1 sagat üçin 58 manat

«Limuzin»

1 sagat üçin 66 manat

“Awtobus”

1 sagat üçin 54 manat

 

 

 Bezegleriň tölegi 100 manatdan 200 manada çenlidir.

 

TOÝ TUTMAK SIZ BILEN, HYZMAT ETMEK BIZ BILEN!

© 2021 Ähli hukuklar goralan.