“BAGT KÖŞGI” TOÝ DABARALARY MERKEZINIŇ SÖWDA WE MAHABAT BÖLÜMI

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik nyşanlarynyň biri hökmünde tanalýan “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň binasynda hereket edýän köp sanly toý zallary, dükandyr hyzmat ediş salonlary halkymyza hem-de daşary ýurtlardan gelýän myhmanlara medeni hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.  

Merkeziň binasynda: 3 sany toý zaly, 7 sany banket zaly, dükanlaryň, iş otaglarynyň (ofisleriň) we hyzmat ediş salonlarynyň 36 sanysy ýerleşýär we bu nokatlar ýurdumyzyň telekeçilerine we isleg bildirýän raýatlarymyza kärendesine berilýär.  

Nokatlar iň amatly bolan: 1 m2 üçin 17 manatdan kärendesine hödürlenýär.

 

BÖLÜMIŇ ÝERLEŞÝÄN ÝERI:

 

744036, Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý.

“Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň 4-nji gaty.

Tel: 95-57-64, 95-57-65, bagtkoshgi@online.tm  

TOÝ WE BANKET ZALLARY BARADA MAGLUMAT

Merkeziň toý zallary binanyň -1 gatynda ýerleşýär. Olaryň ählisinde halkymyzyň asylly däp-dessurlary bolan: sadakalary, bäbek toýlaryny, halat geçdileri, Bagt toýlaryny we beýleki baýramçylyk dabaralaryny uludan geçirmäge mümkinçilikler döredilendir.

“AK ÝOL” toý zaly bir wagtda 1000 sany myhmana hyzmat etmäge niýetlenendir. Bu ýerde gündiz geçirilýän dabaralar üçin 2 görnüşli nyrhnama, agşam tutulýan toýlar üçin 5 görnüşli nyrhnama hödürlenilýär. Toý tutýan ýaş çatynjalara toý zalyny kärendesine alan telekeçi  tarapyndan dürli görnüşli amatlyklar hödürlenilýär we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.

Soraglar boýunça we toý gününi bellemek üçin telefon belgileri: 95-06-38, +99361 11-16-11.

 

“ÄLEM” toý mekany bir wagtda 500 sany myhmany kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýerde gündiz geçirilýän dabaralar üçin 2 görnüşli nyrhnama, agşam tutulýan toýlar üçin 4 görnüşli nyrhnama hödürlenilýär. Toý tutýan ýaş çatynjalara toý zalyny kärendesine alan telekeçi tarapyndan süýjülik torty, toý suraty we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar, şeýle hem saz gurallarynyň, yşyklandyryş enjamlarynyň hyzmatlary hödürlenilýär.

Soraglar boýunça we toý gününi bellemek üçin telefon belgileri: 95-06-37, +99365 55-26-25

  “NUR” toý mekany bir wagtda 500 sany myhmany kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýerde gündiz geçirilýän dabaralar üçin 2 görnüşli nyrhnama, agşam tutulýan toýlar üçin 3 görnüşli nyrhnama hödürlenilýär. Toý tutýan ýaş çatynjalara toý zalyny kärendesine alan telekeçi tarapyndan dürli görnüşli amatlyklar hödürlenilýär we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.

Soraglar boýunça we toý gününi bellemek üçin telefon belgileri: 95-06-47, +99365 64-23-69

“ÇEŞME” toý mekany bir wagtda 200 sany myhmany kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýerde gündiz geçirilýän dabaralar üçin 2 görnüşli nyrhnama, agşam tutulýan toýlar üçin 3 görnüşli nyrhnama hödürlenilýär. Toý tutýan ýaş çatynjalara toý zalyny kärendesine alan telekeçi tarapyndan dürli görnüşli amatlyklar hödürlenilýär we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.

Soraglar boýunça we toý gününi bellemek üçin telefon belgileri: +99365 70-55-71

 

Merkeziň 2-nji gatynda ýerleşýän we kärendesine hödürlenilýän  banket zallarynyň sanawy (1 m2 = 17 manat)

   
                   100 orunlyk (379,25m2)

“Şugla” 

“Daragt”

“Zamana”

“Ajaýyp”

“Ýaýla”

“Bagtly”

 

Binanyň -1 gatynda Merkeziň alyp barýan işine ugurdaş iş alyp barýan telekeçiler üçin ofisler, dükanlar we hyzmat ediş salonlaryna niýetlenen 36 sany kärende nokatlary bar. Nokatlar meýdany boýunça tapawutlanyp, 31,58 m2-den
266,60 m2-e çenli bolup, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda iş alyp barýan, halkymyza dürli görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirýän telekeçilere amatly bahalardan hödürlenilýär.

 

 

Merkeziň binasynda ýerleşýän kärende nokatlary, toý we banket zallary boýunça habarlaşmak üçin maglumat:

Telefon:

95-57-64, 95-57-65

Elektron poçta

bagtkoshgi@online.tm

 

© 2021 Ähli hukuklar goralan. Powered by Avagadro IO.