“Bagt köşgi” toý dabaralary merkezi Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asyrlara barabar özgertmeleri başdan geçirýän ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyza laýyklykda toý tutmak we nika baglaşmak dabaralaryny ýokary derejelerde geçirmek, ýaş nesillerimizi ýokary ahlak ruhunda terbiýelemek, toý dabaralarynda medeniýetli hyzmatlary guramak, halkymyzyň agzybirligini we bütewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen döredildi.
Merkeziň binasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XX ýyllyk toý dabarasy mynasybetli geçirilen giň gerimli çäreleriň çäginde, 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermegi bilen açylyp, öz işine başlady.
Merkeziň binasy 11 gatdan ybarat bolup, binada ýerleşýän 3 sany uly toý zaly: “Ak ýol” – 1000 orunlyk, “Nur” we “Älem” toý zallary – 500 orunlykdyr. Banketleri geçirmäge niýetlenilen kiçi zallar 7 sany bolup, olardan “Çeşme” – 200 orunlyk, “Şugla”, “Daragt”, “Zamana”, “Ajaýyp”, “Ýaýla”, “Bagtly” zallary 100 orunlykdyr. Nika zallary hem 7 sany bolup, olardan “Şäher” we “Sahawat” zallary 150 orunlyk, “Şapak”, “Ýyldyz”, “Dessan”, “Ylham” we “Şamçyrag” zallary 100 orunlykdyr, şeýle hem binada 22 otagly myhmanhana, dükandyr hyzmat ediş salonlarynyň 36 sanysy we köp sanly dynç alyş otaglary hem-de kafeler bardyr. Binanyň zemin gatynda 300 ulaglyk ýapyk we binanyň daş-töwereginde 300 orunlyk açyk awtoduralga ýerleşýär.
Merkez ýurdumyzda geçirilýän milli toý-baýramlary türkmen halkynyň asylly däp-dessurlaryna laýyk, döwrebap geçirmek, toý-baýramlary guramak boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak, Merkezde bar bolan toý zallaryny, söwda we hyzmat ediş nokatlaryny kärendesine bermek, toýlarda we baýramçylyk çärelerinde hyzmat etmek üçin awtoulaglary kärendesine bermek we olaryň bezeg işlerini etmek, şeýle hem toý tutýan ýaş çatynjalara, ilatymyza we daşary ýurt raýatlaryna myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemek wezipelerini ýerine ýetirýär.
Biziň salgymyz: Aşgabat ş. Bagtyýarlyk etr. Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý.
Ind: 744036.
Tel: 95-57-68, fax: 95-57-60
E-mail: bagtkoshgi@sanly.tm