Tel:
AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ “BAGT KÖŞGI” TOÝ DABARALARY MERKEZI
“Bagt köşgi” toý dabaralary merkezi Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asyrlara barabar özgertmeleri başdan geçirýän ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyza laýyklykda toý tutmak we nika baglaşmak dabaralaryny ýokary derejelerde geçirmek, ýaş nesillerimizi ýokary ahlak ruhunda terbiýelemek, toý dabaralarynda medeniýetli hyzmatlary guramak, halkymyzyň agzybirligini we bütewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen döredildi. Merkeziň binasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XX ýyllyk toý dabarasy mynasybetli geçirilen giň gerimli çäreleriň çäginde, 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermegi bilen açylyp, öz işine başlady. Merkeziň binasy 11 gatdan ybarat bolup, binada ýerleşýän 3 sany uly toý zaly: “Ak ýol” – 1000 orunlyk, “Nur” we “Älem” toý zallary – 500 orunlykdyr. Banketleri geçirmäge niýetlenilen kiçi zallar 7 sany bolup, olardan “Çeşme” – 200 orunlyk, “Şugla”, “Daragt”, “Zamana”, “Ajaýyp”, “Ýaýla”, “Bagtly” zallary 100 orunlykdyr. Nika zallary hem 7 sany bolup, olardan “Şäher” we “Sahawat” zallary 150 orunlyk, “Şapak”, “Ýyldyz”, “Dessan”, “Ylham” we “Şamçyrag” zallary 100 orunlykdyr, şeýle hem binada 22 otagly myhmanhana, dükandyr hyzmat ediş salonlarynyň 36 sanysy we köp sanly dynç alyş otaglary hem-de kafeler bardyr. Binanyň zemin gatynda 300 ulaglyk ýapyk we binanyň daş-töwereginde 300 orunlyk açyk awtoduralga ýerleşýär. Merkez ýurdumyzda geçirilýän milli toý-baýramlary türkmen halkynyň asylly däp-dessurlaryna laýyk, döwrebap geçirmek, toý-baýramlary guramak boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak, Merkezde bar bolan toý zallaryny, söwda we hyzmat ediş nokatlaryny kärendesine bermek, toýlarda we baýramçylyk çärelerinde hyzmat etmek üçin awtoulaglary kärendesine bermek we olaryň bezeg işlerini etmek, şeýle hem toý tutýan ýaş çatynjalara, ilatymyza we daşary ýurt raýatlaryna myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemek wezipelerini ýerine ýetirýär.
Merkeziň Myhmanhanasy Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda abadan durmuşda ýaşaýan halkymyzyň durmuş toýuny tutýan ýaşlarynyň, raýatlarymyzyň, şeýle hem ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlarynyň asuda, ýokary derejedäki amatlyklary bolan otaglarda rahat dynç almaklaryny üpjün etmek, ýokary hilli myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemek maksadyna eýerýär. Myhmanhanada jemi 22 otag bolup, olaryň 10 sanysy lýuks otaglary, 12 sanysy bolsa adaty otaglardyr. Adaty otaglaryň hatarynda maýyplar üçin amatlyklar göz öňüne tutulan otag hem bardyr. Myhmanhana bir wagtda umumy 44 myhman kabul edip bilýär. Her otagda myhmanhana gelýän ýerli we daşary ýurt raýatlary üçin rahat işlemäge we dynç almaga ähli mümkinçilikler döredilendir. Myhmanlara otag, egin-eşik ýuwmak, taksi çagyrmak boýunça hyzmatlar ýerine ýetirilýär, işewürlik ýygnakalaryny geçirmek üçin konferens otagy, açyk we ýerasty awtoduralgalar hödürlenýär.
















| Giriş wagty | 12:00 |
| Çykyş wagty | 12:00 |
| Sargydy (brony) ýatyrmak | Mugt |
| Tölegiň görnüşleri | Nagt/Nagt däl |
| Gadagan | Myhmanhananyň çäginde we otaglarda çilim çekmek, öý haýwanlary bilen ýaşamak gadagan. |
| Otaglaryň üpjünçiligi | Ähli otaglar sowadyjy enjam, seýf, Wi-Fi, TV hyzmatlary bilen üpjün edilen. |
| Internet | Otaglarda we myhmanhananyň çäginde tölegsiz Wi-Fi |
| Egin-eşik ýuwmak | 08:00–16:00 aralygynda işläp, ýuwmak, guratmak, ütüklemek hyzmatlary hödürlenýär (himiki arassalama ýok). |
| Awtoduralga | Tölegsiz açyk we ýerasty awtoduralgalar. |
| Myhmanlar bilen işleýän bölüm |
|
| Lobbi-bar | Çaý, kofe, şerbetler we naharlar hödürlenýär. Tel: 95-51-27. |
| Otag görnüşi | TWIN | DBL |
|---|---|---|
| Adaty otag (STD) | 114,00 manat | 114,00 manat |
| Lýuks otag (LUX) | 199,50 manat | 199,50 manat |
| Otag görnüşi | TWIN | DBL |
|---|---|---|
| Adaty otag (STD) | 50 USD | 100 USD |
| Lýuks otag (LUX) | 50 USD | 100 USD |
Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik nyşanlarynyň biri hökmünde tanalýan “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň binasynda hereket edýän köp sanly toý zallary, dükandyr hyzmat ediş salonlary halkymyza hem-de daşary ýurtlardan gelýän myhmanlara medeni hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Merkeziň toý zallary binanyň -1 gatynda ýerleşýär. Olaryň ählisinde halkymyzyň asylly däp-dessurlary bolan: sadakalary, bäbek toýlaryny, halat geçdileri, Bagt toýlaryny we beýleki baýramçylyk dabaralaryny uludan geçirmäge mümkinçilikler döredilendir.
“AK ÝOL” toý zaly bir wagtda 1000 sany myhmana hyzmat etmäge niýetlenendir. Bu ýerde gündiz geçirilýän dabaralar üçin 2 görnüşli nyrhnama, agşam tutulýan toýlar üçin 5 görnüşli nyrhnama hödürlenilýär. Toý tutýan ýaş çatynjalara toý zalyny kärendesine alan telekeçi tarapyndan dürli görnüşli amatlyklar hödürlenilýär we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. Soraglar boýunça we toý gününi bellemek üçin:
“ÄLEM” Toý mekany toý etmek isleýän ýaş çatynjalara öňünden 50%-ini geçirip, galan 50%-ini garaşaryna banksyz we hiç hili göterimsiz 24 aýa (iki ýyla) çenli bölüp bermegi teklip edýär. Mundan başga-da, toý mekany 36 aý (3 ýyl) möhlet bilen, bankdan resmileşdirmek arkaly karzyna toý edip bermek hyzmatynyň bardygyny hem ýatladýar. Toý mekanynda toý menýusy 130 manatdan başlanýar. Goşmaça şu sowgatlar hödürlenilýär: tort, zalyň bezegi, ýaşlaryň fotosuraty, bagşylar üçin ses we yşyk enjamlary, myhmanhana, bezegli gelin ulagy (Limuzin, Kabriolet). Sadaka menýusy 70 manatdan başlanýar. Goşmaça şu sowgatlar hödürlenilýär: zalyň bezegi, atgulak, ses we yşyk enjamlary. Tölegler ähli görnüşde kabul edilýär. Soraglar boýunça we toý gününi bellemek üçin
“NUR” toý mekany bir wagtyň özünde 500 sany myhmany kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýerde gündiz geçirilýän dabaralar üçin 2 görnüşli nyrhnama, agşam tutulýan toýlar üçin 3 görnüşli nyrhnama hödürlenilýär. Toý tutýan ýaş çatynjalara toý zalyny kärendesine alan telekeçi tarapyndan dürli görnüşli amatlyklar hödürlenilýär we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. Soraglar boýunça we toý gününi bellemek üçin:
ÇEŞME toý mekany bir wagtda 200 sany myhmany kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýerde gündiz geçirilýän dabaralar üçin 2 görnüşli nyrhnama, agşam tutulýan toýlar üçin 3 görnüşli nyrhnama hödürlenilýär. Toý tutýan ýaş çatynjalara toý zalyny kärendesine alan telekeçi tarapyndan dürli görnüşli amatlyklar hödürlenilýär we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. Soraglar boýunça we toý gününi bellemek üçin
Merkeziň 2-nji gatynda ýerleşýän we kärendesine hödürlenilýän banket zallarynyň sanawy (1 m2 = 17 manat) 100 orunlyk (379,25m2) “Şugla”, “Daragt”, “Zamana”, “Ajaýyp”, “Ýaýla” "
Binanyň -1 gatynda Merkeziň alyp barýan işine ugurdaş iş alyp barýan telekeçiler üçin ofisler, dükanlar we hyzmat ediş salonlaryna niýetlenen 36 sany kärende nokatlary bar. Nokatlar meýdany boýunça tapawutlanyp, 31,58 m2-den 266,60 m2-e çenli bolup, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda iş alyp barýan, halkymyza dürli görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirýän telekeçilere amatly bahalardan hödürlenilýär.
Merkeziň binasynda ýerleşýän kärende nokatlary, toý we banket zallary boýunça habarlaşmak üçin maglumat: 95-57-64, 95-57-65
Hormatly Prezidentimiziň «Maşgala - biziň gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşylarynyň biridir» diýen parasatly sözlerini ýörelge edinmek bilen, ýurdumyzda halkymyz tarapyndan tutulýan toýlaryň, geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň döwrebap, milli we häzirki zaman däp-dessurlarynyň kämil sazlaşygy esasynda geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň Medeni-usulyýet bölümi ilatymyza medeni-durmuş maksatly hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen, hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, hilini has-da kämilleşdirmek, baýlaşdyrmak ugrunda degerli işleri alyp barýar.
| Okuwlara şu hünärler boýunça kabul edilýär | |
| Okadylýan ugur | Berilýän hünär |
| Toý dabaralarynda wideo-foto operatorçylyk | Toý dabaralarynyň wideo – foto operatory |
| Toý dabaralaryny guramak we alyp barmak | Toý dabaralarynyň menedjeri |
| Toý dabaralaryny bezemek | Toý dabaralarynyň dizaýneri |
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň tutýan toýlary täze öwüşginler, döwrebap däpler bilen barha baýlaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda bina edilen “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezi milli toýlarymyzyň şatlyk-şowhuna, uly dabaralara beslenilip geçirilýän mekanyna öwrüldi. Merkeziň Ulaglaryň maddy-tehniki bölümçesi 2 sany “Linkoln-Limuzin” kysymly limuzin, 10 sany “Linkoln-Sedan” kysymly kabriolet, 2 sany “Toýota Coaster” kysymly awtobus, jemi 14 sany awtoulaga tehniki hyzmatlary amala aşyrmak, ilatyň toý-baýramlary bilen baglanyşykly awtoulaglary kärendesine bermek boýunça sargytlary kabul etmek, alnan sargytlar boýunça awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işlerini alyp barýar. Gadyrly watandaşlar! Toý dabaralaryny gurnamak hem-de geçirmek hemişe diýen ýaly zerur bolan dürli hyzmatlaryň gözlegindäki süýji aladalar bilen baglanyşykly bolýar. Gül desseleri we güllerden edilen ajaýyp görnüşler, gelin üçin saçy timarlamak we kosmetiki hyzmatlar, toý lybaslary bilen baglanyşykly hysyrdylar hem bu süýji aladalaryň biri bolup durýar. Mundan başga-da toýuň dabarasyny has-da artdyrjak kaşaň awtoulaglar we olaryň dürli görnüşdäki ajaýyp bezegleri toýuň şowhun-şagalaňyny goşalandyrmakda zerur gerek bolýar. Şu hyzmatlary özüň üçin amatly bolan şertlerde tapaýmak köplenç aňsat hem düşmeýär. Ilatymyza şeýle hyzmatlaryň amatly hem-de bir ýerde ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň Ulaglaryň maddy-tehniki bölümçesi ýokary amatlyklary bolan, milli äheňlerde we döwrebap görnüşlerde bezelen kaşaň awtoulaglary kärendesine hödürleýär. Biziň bölümimiz Merkeziň Medeni-usulyýet bölümi bilen ysnyşykly işläp, awtoulaglar häzirki zaman we milli äheňlerde bezelýär. Ajaýyp bezelen kaşaň awtoulaglar – toýuň bezegi!
| Biz sizi “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezimizde görmäge şatdyrys! | |
| Awtoulagyň kysymy | Bahasy |
| «Kabriolet» | 1 sagat üçin 58 manat |
| «Limuzin» | 1 sagat üçin 66 manat |
| “Awtobus” | 1 sagat üçin 54 manat |
BÖLÜMÇÄNIŇ ÝERLEŞÝÄN ÝERI: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezi. Bölümçäniň hödürleýän hyzmatlary barada ähli soraglar boýunça habarlaşmak üçin telefon belgimiz: Tel: 95-57-53, 95-06-11
Aşgabat ş. Bagtyýarlyk etr. Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý.
bagtkoshgi@sanly.tm
95-57-68